Xiaomi MacBook Pro, iPhone 11 we beýleki gurluşlar üçin täze zarýadka çykardy

  • 05.02.2020 23:12
  • 4.7k+

Xiaomi kompaniýasy 65 Wt kuwwatlykly, USB-C bölekli täze uniwersal energiýa blogyny çykardy. Ony smartfonlara, noutbuklara we beýleki gurluşlara zarýad bermek üçin ulanmak bolýar. Gajet özünden öňkülere garanda, has ykjam göwrüme eýe boldy, ony ýanyňda götermek hem aňsat.
Resmi maglumatlara laýyklykda, täze uniwersal energiýa blogynyň göwrümi ozalky wersiýasyna garanda, 27% kiçi. Gurluşy täze Apple MacBook Pro, Xiaomi noutbuklaryna we beýleki gurluşlara 65 Wt maksimal kuwwatlykda zarýad bermek üçin ulanmak bolýar.
Öndürijiniň habar bermeginä görä, 13-dýuýmly MacBook Pro-ny, takmynan, 1 sagat 50 minudyň içinde doly zarýadlandyrmak bolýar, 15,6-dýuým displeýli Xiaomi Pro noutbugyny bolsa 2 sagat 25 minudyň içinde zarýadlandyrmak bolýar. Mundan başga-da, bu gurluş iPhone 11 üçin hem 18 Wt kuwwatlykda çalt zarýad bermäni üpjün edip bilýär. Ýagny, zarýad berme prosesi standart zarýad berijilerini ulananyňdan 50% çalt bolup geçýär.

şu gün 12:41
439

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
777

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.2k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

11.06.2026 23:52
7.3k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......