6G ulgamy 5G-den ýüzlerçe esse öňe geçýär

  • 03.02.2020 12:15
  • 4.4k+

Ýer ýüzünde bäşinji nesliň mobil ulgamy ýaňy bir özleşdirilip başlandy, emma hytaýlylar eýýäm 6G tehnologiýasy barada pikir edýärler. Hytaýyň Ylym we tehnologiýa ministrligi ýaňy-ýakynda geljekki ulgamy ösdürmek üçin taýýarlyk işlerine başlady.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, bäşinji nesliň mobil torunda maglumatlary ibermegiň rekord tizliginiň 35 Gbit/s barabar wagtynda 6G torunda maglumatlary ibermegiň ýokary derejesi sekuntda 8000 Gbit/s ýetip biler. Häzirki wagtda 5G torlarynda işe girizilen real tizlik pes derejede.
Sidneý uniwersitetiniň doktory Mahýar Şirmanigoddam şeýle tizligiň internedi peýdalanmakda düýbünden täzeçe ssenariýalary açmaga mümkinçilik berjekdigini we adamlar bilen tehnologiýanyň arasyndaky özara täsir meýilnamasynda rewolýusiýany amala aşyrjakdygyny habar berýär.
Hytaý 6G ulgamynyň çäklerinde geçirilýän derňewlere gözegçiligi alyp barmak üçin iki sany işçi topary döretdi. Toparyň biri degişli pudaklaýyn ministrlikleriň birnäçe ýolbaşçylaryndan ybarat. Ikinji topar uniwersitetleriň, derňew institutlarynyň we tehnologik kompaniýalaryň onlarça ekspertlerini öz içine alýar.
5G ulgamynyň başlangyç ýagdaýdadygyny göz öňünde tutup, 6G ulgamynyň üstünde işlemeklige ir başlandy diýip pikir etmeli däl. Çünki täze nesliň mobil torlaryny işläp taýýarlamaga 10 ýyl töweregi gidýär. Öň 6G ulgamynyň 2030-njy ýylda işe giriziljekdigi habar berildi.

düýn 11:00
495

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...