Apelsin damarlary berkitmäge ukyply

  • 01.02.2020 23:36
  • 6.9k+

Köplenç, damarlar berk barýeri emele getirýän öýjükleriň sowuklamasy zerarly gowşak ýagdaýa eýe bolýarlar.
Damarlaryň diwaryny berkitmäge günde bir apelsin iýmeklik kömek edýär. Ol adam organizminiň C witaminine gije-gündizki zerurlygyny doly üpjün edýär.
Damarlar kognitiw funksiýalara, görejiň ýitiligine, ösüşe, myşsa ulgamlarynyň ýagdaýyna, jyns funksiýalaryna we hatda adamyň keýpine-de jogap berýärler. Olaryň ýaramaz ýagdaýdadygyny birnäçe alamatlar, şol sanda başaýlanma, oýanan wagtyňda gözüň aşagynda «ýygyrtlaryň» bolmagy, eliň we aýagyň sowuklygy, ýokary derejede derlemeklik, özüňden gitmeklik, gulagyňda ses ýaňlanmagy, barmaklardaky agyry, sebäpsiz gögermeler we damar torlary görkezýär.
Diwarjyklary berkitmäge we gan aýlanyşy kadaly ýagdaýa getirmäge C witamini kömek edýär, onuň gije-gündizki zerurlygyny kanagatlandyrmak üçin günde bir apelsin iýmek ýeterlik.
Şeýle-de, lukmanlar çilim çekmekden we alkogoldan ýüz öwürmegi, fiziki işjeňlik režimini alyp barmagy, wagtly-wagtynda suwa düşünmegi we köpräk suw içmegi maslahat berýärler. Iýmit barada aýdylanda, damarlara klýukwa, itburun miwesi, käşir, bal, gök çaý, grek hozy, kişde, ýagly balyk we et, kelem, limon, kiwi we sary burç oňaýly täsir edýär.

20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......