«Boeing» iň täze hem iň gymmat uçarynyň ilkinji synag uçuşyny geçirdi

  • 27.01.2020 22:33
  • 4.2k+

«Boeing» kompaniýasynyň iň täze modeli bolan 777X ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. Bu şowsuz çykan 737 MAX-dan soň kompaniýanyň ilkinji täze we iň gymmat uçary. Täze model regulýatorlaryň esasy ünsüni özüne çeker we bu model awiakompaniýa üçin iň uly we gymmat model bolar.
«Boeing 777X» täze laýneriniň — «Iki hereketlendirijili iň uly we amatly uçaryň» synag translýasiýasyny kompaniýa öz saýtynda goýdy. Synag uçuşy tas dört sagat dowam etdi. Laýner Waşington ştatyndaky Ewerett şäherinden uçdy we Sietle gondy.
Ilkinji uçuş, adatça, kompaniýa üçin birnäçe ýyllap çekilen zähmetiň netijesi we «iň ýokary tehnologik üstünligi» bolýar, diýip Bloomberg agentligi belleýär. Ýöne «Boeing» bilen bagly ýagdaýda uçuş «bir hili bulaşyk» bolupdy. Meseleli ýagdaý täze laýneriň «döwrebap howamenzilleri üçin aşa uludygyndan» bolup biler, diýip agentlik belleýär. Täze laýner kompaniýanyň iň gymmat uçaryna öwrüldi.
«Boeing» eýýäm täze uçarlar üçin sargytlary kabul edip başlady, Bloomberg ýazýar. Iň iri sargyt ediji hem Emirates Airlines awiakompaniýasy boldy. Uçaryň gymmat bahalydygy sebäpli awiakompaniýalar ilki bu uçaryň özüni «görkezişine» garaşarlar, diýip Air Lease Corporation-y esaslandyryjy Stiwen Udwar-Hazi agentlige habar berýär. Ol özüniň işleşýän kompaniýalarynyň köpüsiniň dört hereketlendirijili uçarlary iki hereketlendirijili laýnerlere geçirmek bilen gyzyklanmaýandygyny belleýär.
Täze «Boeing» – bu kompaniýanyň ozalky täze Boeing 737 MAX uçary bilen bagly Indoneziýanyň we Efiopiýanyň üstünde bolan iki sany awiaheläkçilikden soň gurlan ilkinji uçary. Şonuň üçin bu laýnere regulýatorlaryň, awiakompaniýalaryň we maýa goýujylaryň esasy ünsi berkidiler. Iki heläkçilige sezewar bolandan soň, 737 MAX uçaryny ulanmaklyk tutuş dünýä boýunça ýatyryldy we kompaniýa hem olary öndürmesini bes etdi. Çökgünlik zerarly kompaniýanyň baş müdiri Dennis Mýulenburg hem öz wezipesinden aýryldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......