Alymlar ýokary derejede ýuka maýyşgak displeý döretdiler

  • 26.01.2020 20:09
  • 3.4k+

Melburn tehnologik uniwersitetiniň barlagçylary Täze Günorta Uels uniwersitetiniň we Monaşa uniwersitetiniň hünärmenleri bilen bilelikde gazet ýaly çap etmek hem-de eplemek mümkin bolan ýokary derejede ýuka we örän maýyşgak elektron materialyny işläp düzdüler. Bu barada Tech Xplore habar berýär.
Täze tehnologiýa geljekki sensor ekranlar üçin esas bolup hyzmat etmeli. Ol displeýleri taýýarlamak üçin peýdalanylýan häzirki materiallardan 100 esse ýuka. Bu ýokary derejede ýuka bolan sensor panelini taýýarlamak üçin smartfonlarda ulanylýan adaty plýonka peýdalanyldy. Himiki manipulýasiýanyň kömegi bilen oňa tok geçiriji häsiýet berildi.
Barlagçylaryň aýtmagyna görä, alnan material sensor ekranlarynyň önümçiligini ýeňilleşdirip biler. Mundan başga-da, täze tehnologiýany ulanýan smartfonlar tas 10% az energiýa sarp ederler.
Özleriniň taslan önümleriniň «ýaşaýşa ukyplylygyny» tassyklamak üçin alymlar eýýäm işleýän sensor ekrany taýýarladylar. Indi olar täze tehnologiýa üçin patenti resmileşdirmegiň ugrunda. Geljekde taslamanyň awtorlary ony köpçülikleýin bazara çykarmagy we alyjylar harytlaryna – displeýlere, diodlara, Gün panellerine we «akylly aýnalara» girizmegi meýilleşdirýärler.

düýn 10:51
764

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.2k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......