Türkmenistan ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirilýär

  • 23.01.2020 23:53
  • 7.1k+

Ýokanç keseller, şol sanda jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy döredip biljek täze wiruslar boýunça dünýädäki epidemiologiýa ýagdaýy çylşyrymly bolmagynda galýar. Ulag-aragatnaşyk ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň geografik ýerleşişini, halkara gatnaşyklaryň ösüşini, syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň giňeldilmegini nazara almak bilen, Türkmenistanyň çägine daşary ýurtlardan ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak üçin, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli görkezmelerine laýyklykda, toplumlaýyn çäreler geçirilýär.
Ýurdumyzda sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda «Ýiti adaty bolmadyk, etiologiýasy anyklanmadyk öýken sowuklama keseli boýunça geçirilmeli çäreler hakynda» buýruk çykaryldy. Şunuň bilen baglylykda, keseli öz wagtynda anyklamak we bejermek üçin hünärmenleriň usulyýet işlerini kämilleşdirmek üçin işler geçirilýär, sanitar-epidemiologiýa gözegçiligi boýunça çäreler güýçlendirilýär.
Ýurdumyzyň çäklerine şol keseliň getirilmeginden gorap saklamak maksady bilen, welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary tarapyndan şol ýurtlara dürli maksatlar bilen gidip-gelýänler berk gözegçilige alynýar we serhet geçelgelerinde ýerleşýän arassaçylyk karantin nokatlarynda, bölümlerinde gözegçilik işleri geçirilýär we dowam edýär.
Mundan başga-da, 20-nji ýanwarda Ýokanç keselleriň öňüni almak, ýurdumyzyň çäklerini olaryň ýaýramagyndan goramak we kesellere garşy göreşmek çärelerini güýçlendirmek barada Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisi geçirildi.
Bu toparyň çözgüdine laýyklykda, degişli gulluklaryň işgärleri üçin okuw maslahatlar geçirildi we karantin nokatlarynda hem-de bölümlerinde maglumatlar ýaýradyldy. «Başdermanhana» birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik kärhanasy tarapyndan ýurdumyzyň dermanhanalary degişli dermanlar we saglyk maksatly serişdeler bilen doly üpjün edildi.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň referens barlaghanaly wirusologiýa bölüminde häzirki zaman döwrebap enjamlarynyň kömegi bilen polimeraz zynjyrly reaksiýa barlag usuly arkaly birnäçe ýiti respirator ýokanç keselleri anyklamak üçin ähli şertler döredilip, yzygiderli barlaglar geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşygyň çäklerinde 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda BSGG tarapyndan jemgyýetçilik saglygy we iýmiti merkeziniň wirusologiýa referens barlaghanasyna dümew keseli boýunça Milli merkez diýen dereje berildi.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy

düýn 23:49
520

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....