Volkswagen Tiguan-yň esasynda täze pikapyny patentledi

  • 23.01.2020 01:53
  • 2.2k+

Volkswagen kompaniýasy pikap Tarok-yň dizaýny üçin öz adyna patent hasaba aldyrdy.
Volkswagen Tarok pikapynyň resmi görkezilişi 2020-nji ýylda, ýagny üstümizdäki ýylda bolar. Konsept-kar 150 at/g kuwwatlykly 1,4 l güýçli agregat we doly herekete getiriji ulgam bilen üpjün edildi. Nobatdaky model hem şu motor bilen enjamlaşdyrylar.
Taýýarlanylýan bu inomarka tas ýüz göterim diýen ýaly 2018-nji ýylyň konsept-karynyň öňki şekilini nusga edindi. Günorta amerikan awtoulag neşirleriniň pikirine görä, patentiň hasaba alynmagy Volkswagen Tarok pikapynyň ýakynda ilkinji çykyşynyň boljakdygyndan habar berýär.
Häzirki wagtda bu awtoulagyň öz MQB arhitekturasyny Tiguan Allspace parketnigi bilen paýlaşjakdygy barada maglumat bar. Bu pikapyň tekerler bazasy 2 990 mm, awtoulag uzynlygyna 4 910 mm çykdy, inligine 1 830 mm, beýikligi bolsa – 1 670 mm ýetýär. Ýük platformasy 1 206 mm, ini 1 090 mm, beýikligi bolsa 600 mm. Ýük möçberi 1 000 kg-a çenli ýetdi.
Germaniýaly işläp düzüjiler pikapyň nobatdaky wersiýasynda uzaklygy ölçeýjiniň transpartirowkasy üçin ýörite çyzgydan peýdalanjakdyklaryny aýdýarlar. Kabinanyň yzky sütüni salona tarap süýşürilip, kuzowyň meýdanyna deň tekizligi emele getirmeli. Şeýle usulda ýük platformasy 1 206-dan 1861 mm-e çenli ulalmaly. Eger-de, yzky borty hem aýrylsa, onda tirkege 2 775 mm uzynlykdaky zatlary hem ýükläp bolar.
Volkswagen Tarok-yň Braziliýada ýa-da Argentinada ýygnalmagyna garaşylýar. Görkeziliş çykyşy bolsa, 2020-nji ýylyň noýabrynda San-Paulodaky motto-şowda bolar. Satuwa bolsa indiki ýylyň başlarynda çykarylar.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...