Dünýä ummany sekuntda 5 atom bombasynyň tizligi bilen gyzýar

  • 21.01.2020 23:39
  • 3.6k+

Dünýä ummany eýýäm bäşinji ýyl yzygiderli ýylaýar. Munuň üçin gerek bolan energiýanyň göwrümi alymlaryň hasaplamalaryna görä, milliardlarça atom partlamalaryna deňdir.
2019-njy ýylda Ýer ýüzüniň ähli ummanlarynyň temperaturasy gözegçilikleriň bütin taryhynyň dowamyndaky rekord görkezijisine ýetdi. Diňe soňky 25 ýylyň içinde ummanlary ýylatmak üçin sarp edilen energiýanyň möçberi Hirosima taşlanan 3,6 mlrd. atom bombalaryna ekwiwalent derejede boldy.
Bu görlüp-eşidilmedik sensasion sanlary Advances in Atmospheric Sciences žurnalynda çap edilen halkara alymlar toparyna salgylanmak bilen Fast Company amerikan neşiri getirýär.
14 alymdan ybarat topar tarapyndan getirilip çykarylan esasy netije soňky on ýylyň dowamynda Dünýä ummanynynyň temperaturasynyň maksimal ululygyna ýetenliginden we şunda ýylylyk derejesi iň ýokary bäş ýylyň gözegçilikleriň soňky bäş ýylyna düşýänliginden ybaratdyr. Dünýä ummanynyň ýylama derejesi 1987-nji ýyldan 2019-njy ýyl aralygynda 1955 – 1986-nji ýyllar bilen deňeşdireniňde 450 % ýokary boldy.
Has anyklyk we aýdyňlyk üçin alymlar şeýleräk düşündirişi hödürlediler: 2019-njy ýylda Dünýä ummanynyň temperaturasy 1981 – 2010-njy ýyllar bilen deňeşdireniňde ortaça 0,075 gradus ýokary boldy. Temperaturanyň hatda şojagaz ujypsyzja üýtgemesi-de 228 sekstillion joul energiýa talap etdi. Deňeşdirip görmek üçin: Hirosimada atom bombasy partlanda 63 trln joul energiýa bölünip çykdy.
Klimatologlaryň ölçemelerine laýyklykda, suwuň ýylamagy Ýeriň ähli ummanlarynda bolup geçýär, ýöne bu hadysa Atlantika we Günorta ummanlarda, esasan-da Antarktidanyň töwereklerinde has-da görnetin ýüze çykýar.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......