Gurnaýjylar alty tekerli Jeep Wrangler-i döretdiler

  • 20.01.2020 02:48
  • 3.9k+

Ussat gurnaýjylar Mersedec-Benz G63 AMG 6x6 alty tekerli nemes inomarkasynyň ruhunda alty tekere eýe bolan adaty ýoldan daşary hereket üçin niýetlenilen Jeep Wrangler ulagyny çykardylar. «Britaniýaly» lakamly bu ulag goşmaça birikmä eýe boldy, ýöne gynansak-da, oňa herekete getiriji wal birikdirilmedik. Şonuň üçin hem goşmaça jübüt tekerler ýöne şeýle goýlupdyr.
Model artdyrylan klirense we ýol bolmadyk kyn ýerlerde hereket etmek üçin äpet şinalara eýe. Belläp geçmeli zat, bu Wrangler ulagy Gladiatora özgerdiler, çünki kuzow paneliniň aglaba bölegi üçünji birikdirmäni (soňky jübüt teker) ýerleşdirmek üçin tabşyryk boýunça ýerine ýetirilen. Ulag 289 at güýjüni bermäge ukyply 3,6 litr göwrümli standart benzinli V6 hem-de herekete getirijilere geçiriji bäş basgançakly awtomatik guty bilen üpjün edilen.
Taslama gyzykly görünýär, ýöne Jeep Gladiatoryň ulanylmagy has paýhasly bolardy. Şeýle model G63 6x6 model bilen bäsdeşlik eder.
Bu alty tekerli pikapy CNC Motors kompaniýasy satýar.

şu gün 12:59
905

Lancia ralli ýaryşyna gaýdyp gelmeginiň hormatyna çäkli nusgada sagat çykardy

Lancia kompaniýasy brendiniň Dünýäniň ralli çempionatyna (WRC) gaýdyp gelmegi mynasybetli Eberhard & Co sagat öýi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan çäkli nusgadaky goşar sagadyny tanyşdyrdy. Jemi 360 sany nusgada öndüriljek bu sagatlaryň her biriniň bahasy 1980 ýewro bolar...

şu gün 12:47
810

Rimac Nevera R-iň ýörite wersiýasynyň eýelerine kompaniýanyň baş edarasynyň açarlary gowşurylar

Rimac kompaniýasy ýokary öndürijilikli Nevera R giperkarynyň eksklýuziw nusgasyny — Founder's Edition wersiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle awtoulaglaryň bary-ýogy 10-sy öndüriler we olaryň hemmesi eýýäm brendiň muşdaklarynyň arasynda paýlanyldy...

şu gün 12:33
2.3k+

Awstraliýada Toyota GR Yaris-iň mahabaty howply hasaplanandygy sebäpli ýene-de gadagan edildi

Awstraliýanyň düzgünleşdiriji edaralary ýol hereketiniň düzgünlerini bozýan sürüş elementleriniň görkezilmegi sebäpli, Toyota GR Yaris modeliniň täze mahabat wideosyny ýaýlymdan aýyrmak barada karar çykardy. Häkimiýetleriň pikirine görä, wideoda görkezilýän tilsimler ýurduň islendik ştatynda hukuk bozulmasy hökmünde hasaplanardy...

şu gün 10:46
2.7k+

Hyundai 80-nji ýyllaryň äheňinde düýpgöter täze “burçly” Sonata taýýarlaýar

Modeliň önümçiliginiň bes edilmegi baradaky myş-myşlara garamazdan, Hyundai kompaniýasy Sonata sedanynyň dokuzynjy nesliniň üstünde işlemegini dowam etdirýär. Kompaniýa awtoulagy öz hatarynda saklap galmak, ýöne onuň konsepsiýasyny düýpli täzelemek kararyna geldi...