Minskde ýurtdaky ilkinji biomuzeý açylar

  • 18.01.2020 22:46
  • 2.7k+

Belarusda ilkinji Adamlar muzeýi paýtagtda 23-nji ýanwarda açylar. Bu barada täze ekspozision giňişligiň guramaçylary habar berýärler.
Interaktiw meýdança Respublika köşgüniň sokol gatynda işlär. Bu ekspozisiýa 600 inedördül metri eýelär we öz içine 70-den gowrak predmeti alar.
Muzeýi tematiki zolaklara bölerler. Eksponatlar dünýäniň her künjünden ýygnalan. Olaryň arasynda Belorusda döredilenler hem bar.
Girelgede muzeýe gelýän adamlaryň ählisi lukmançylyk kartoçkalaryny alarlar. Oňa öz şahsy hal-ýagdaýyň baradaky maglumatlary-da girizmek we ondan soň olary normatiw görkezijiler bilen deňeşdirip görmek bolýar. Biomuzeýde adam organizminiň nähili gurnalandygy barada gürrüň berler we görkeziler. Myhmanlar öz pulslaryny ölçärler, öz agramlaryny kepderilerde, ýenotlarda, pingwinlerde we ýarganatlarda hasaplap bilerler. Köp adamlara ýüregiň gany damarlar boýunça nädip aýlaýandygynyň wizualizasiýasyny öwrenmek gyzykly bolar.
Bu muzeýde dürli, meselem, ýelmeşegen-diwar ýaly interaktiw attraksionlary gurnarlar. Köpler urgusynyň güýjüni ölçäp bilerler, beýlekiler reaksiýanyň tizligini we eliniň çaltlygyny anyklap bilerler.
Adamlar Muzeýinde bouling, basketbol, tennis oýnamagy ýa-da lyža ýaryşlaryna gatnaşmagy teklip ediji Kinect-zona hem işlär. VR-tehnologiýaly aýratyn ýerde bolsa biologiýany wirtual hakykatyň şlemi arkaly öwrenmek hödürleniler.
- Ekspozisiýada iň gymmat zat dinozawrlaryň we trilobitleriň gadymy gazuw-agtaryş işleri bolar. Çagalar özlerini arheolog hökmünde duýup, öz elleri bilen kiçijik ylmy açyşlary edip bilerler. Köp eksponatlar adamyň, haýwanlaryň we beýleki jandarlaryň gurluşy barada köp zat bilmäge mümkinçilik berer – diýip, giňişligi döredijiler aýdyňlaşdyrýarlar.

şu gün 16:56
345

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
818

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.3k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....