«Microsoft» Chromium-da täze Edge brauzerini işe girizdi

  • 17.01.2020 23:46
  • 1.4k+

Microsoft Windows 10 we MacOS lineýkalary üçin Chromium-da hereket etjek täze Edge brauzerini işe girizýändigini habar berdi. Bu barada kompaniýanyň saýtynda aýdylýar.
Onda täze brauzeriň ähli täze operasion ulgamlarda oturdyljakdygy habar berilýär. Chromium-daky täze Edge-niň işleýşi has çalt, ol 4K wideo akymlaryny, ösen anonimligi hem göterip bilýär, onda Google Chrome-iň ähli giňeltmeleri elýeterli.
Edge täze brauzerini sistemany täzelemek ýa-da Microsoft-dan özbaşdak ýüklemek ýoly bilen alyp bolýar.
Ýatladyp geçsek, Microsoft 14-nji ýanwarda ulanyjylaryň şahsy personal kompýuterleri üçin Windows 7 OS-y götermekligini bes etdi. Bu bolsa indi bu operasion sistema üçin täzeleme prosesiniň çykarylmajakdygyny aňladýar, ýöne ulanyjylar heniz hem onda işläp bilýärler. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, oňa eýýäm on ýyldan gowrak wagt boldy. StatCounter web-trafiginiň analiz serwisiniň maglumatlary boýunça, Microsoft operasion sistemalarynyň arasynda Windows 7-niň paýy dünýäde 26,79%-e barabar boldy.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......