Xiaomi üç ekranly smartfonuny patentledi

  • 16.01.2020 23:23
  • 4.3k+

Xiaomi kompaniýasy mobil gurluşyň öňki, yzky we gapdal bölegini eýeleýän üç ekranly smartfonuny patentledi. Bu barada Gizchina habar berýär.
Bu gurluşyň resmi bellige alynmagyna degişli bolan resminamalary kärhana geçen ýyl tabşyrýar, ýöne smartfon patent býurosynda 10-njy ýanwarda bellige alynýar. Xiaomi işgärleri gajetiň tas tutuş ýüzüni örtýän üç bölekden ybarat bolan displeýi oýlap tapdylar. Ekspertler Xiaomi-niň patentlenen dewaýsy bilen daşyny gurşap alan korpus ekranly Mi Alpha-nyň arasynda meňzeşlikleri deňeşdirip gördüler. Neşir edilen resminamalara laýyklykda, gajet eplenýän mehanizme eýe bolmaz. Bu gurluş aýratyn konstruksiýasynyň netijesinde «frontalka» hökmünde ulanylyp bilinjek iki sany kamera bilen üpjün ediler.
Ýatlap geçsek, Mi Alpha-nyň resmi görkezilişi 2019-njy ýylyň sentýabrynda bolupdy. Bu smartfonuň displeýi korpusy ähli taraplaýyn gurşap alýar. Gajet 108, 20 we 12 Mp-li üç sany datçikli esasy kamerasy bilen tapawutlanýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......