Messi: «Ronaldu bilen bäsdeşlik özboluşlydy, bu hemişe şeýleligine-de galar»

  • 15.01.2020 20:04
  • 3.1k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Lionel Messi Kriştianu Ronaldu bilen bäsdeşligiň oňa özboluşly bolmaga kömek edendigini düşündirdi.
Ýatlap geçsek, Ronaldu «Realyň» düzüminde çykyş eden wagty Ispaniýanyň çempionatynda Messi bilen bäsdeşlik ederdiler.
— Bu elmydama saklanyp galjak özboluşly bäsdeşlik bolupdy — diýip, Messi DAZN bilen gürrüňinde aýdýar. — Kesgitli bir derejede uzak wagtlap saklanmak aňsat däl. Biz örän köp zady talap edýän toparlarda, ýagny «Real» we «Barselona» toparlarynda oýnadyk. Bular dünýädäki iň gowy toparlar.
— Biz köp ýyllap deň hereket etdik we meniň pikirimçe, bu hemişe şeýle bolar. Şahsy derejede bu örän ýakymly bäsdeşlik bolupdy. Pikir edişim boýunça, adamlara-da olaryň kimi goldaýandygyna garamazdan, muňa gözegçilik etmek gyzykly bolandyr. Haçan-da Kriştianu «Realyň» düzüminde oýnan wagtynda biziň duşuşyklarymyz hemişe üýtgeşik bolardy. Indi bolsa ol döwürler geçdi, biziň tejribämiz artdy we bize diňe «öňe seredäýmek» gerek.
«Altyn pökgä» 2008-nji ýyldan 2017-nji ýyllar aralygynda Messi we Ronaldudan özgesi eýe bolmandy. 2019-njy ýylda argentinaly hüjümçi bu abraýly indiwidual baýragy altynjy gezek aldy.
Ronaldu 2018-nji ýylda 112 mln ýewro transfer tölegi bilen «Realdan» «Ýuwentusa» geçdi.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......