Oppo smartfonlary «Pixelworks-yň» täze nesliniň displeýine eýe bolarlar

  • 15.01.2020 20:03
  • 2.2k+

Köp ýyllardan bäri smartfonlary öndürijiler öz smartfonlarynyň ekranynyň hilini kämilleşdirmäge çalyşýarlar, bu ýyl hem şu ugur dowam eder. Kompaniýalar smartfonlaryna bäsdeşleriň arasynda tapawutlanmaga mümkinçilik berjek täze usullary gözleýärler.
Oppo öz smartfonlary üçin täze görnüşli displeýleri döretmäge kömek edýän belli kompaniýa bolan Pixelworks bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi. Oppo «Pixelworks-yň esasy tehnologiýalary arkaly displeýleri ýokary derejede täzelemek bilen has hem kämilleşdirmek» isleýär. Muny kompaniýanyň toplumlaýyn üpjünçilik boýunça wise-prezidenti Jeýms Wan aýdýar.
Täze Oppo smartfonlarynyň displeýi özüniň reňk berijileriniň hili, aýdyňlygy we şekilleri täzeleme ýygylygy boýunça häzirki ekranlardan üstün çykar. Oppo-nyň wise-prezidenti smartfonlaryň senagatynda bu displeýleriň wizual hile täze standart berjekdigini hem sözüne goşdy. Pixelworks tehnologiýalarynyň öň ulanyjylar we synçylar tarapyndan öwgä mynasyp bolan Nokia 7.2 smartfonlarynyň ekranynda ulanylandygyny hem bellemek gerek. Oppo we Pixelworks täze ekranly ilkinji smartfonlary ýetip gelen ýylyň eýýäm birinji ýarymynda çykarmaklygy meýilleşdirýärler.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......