Apple MacBook-yň klawiaturasyny dürli reňkde şöhlelenýän etmegi ahmal

  • 14.01.2020 23:28
  • 1.8k+

Apple klawiatura bilen bagly 10528152 nomerli täze patenti bellige aldy. Onda dürli reňkleriň ulanylyş usullary we düwmeleriň sazlaşygy beýan edilýär.
Şeýle şöhlelendirme ulanyjylara klawiaturadan ýeňil baş çykarmaga we maglumatlary ýygma tizligini ýokarlandyrmaga kömek eder.
Girizme gurluşy kompýuter klawiaturalarynyň düwmelerini, kontakt panelindäki kontaktlaryň töwereklerini, enjamlary dolandyryş panelindäki düwmeleri, kompýuter syçanjygyndaky düwmeleri we ş.m özünde jemleýär.
Içki şöhlelenme arkaly döreýän kesgitli bir öwüşginiň ýa-da reňkiň deregine, ulanyjylyk tejribesi elektron gurluşyň iş prosesi wagtynda dinamiki ýagdaýda üýtgeýän şöhläniň ulanylmagy bilen kämilleşer.
Üýtgäp durýan içki şöhlelenme ulanyjy bilen informasiýany girizmek bilen bagly özara hereketi ýokarlandyrar.
Resminamada reňkleri döretmek üçin her düwmäniň aşagynda ýerleşdirilen dürli mikro-yşyk diodlarynyň ulanyljakdygy aýdylýar. Şeýle-de, patentde diňe bir fiziki däl-de, iOS sensor klawiaturasy barada hem ýatlanylyp geçilýär.

düýn 11:22
1.4k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

düýn 11:10
567

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.3k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......