«Barselonada» tälimçiler ştaby üýtgedildi

  • 14.01.2020 23:27
  • 3.4k+

«Barselonada» tälimçiler ştaby üýtgedildi. Işden çykarylan Ernesto Walwerdeniň deregine topara «Betisiň» ozalky halypasy Kike Setýen ýolbaşçylyk eder.
55 ýaşly Walwerde katalon klubuna 2017-nji ýylyň maýyndan bäri ýolbaşçylyk edýärdi, onuň ýolbaşçylygynda topar Ispaniýanyň çempionatynda iki gezek ýeňiş gazandy, ýurduň Kubogyny we Superkubogyny aldy.
Ispan HBS-i toparyň täze halypasynyň «gyzyllaryň» lideri Lionel Messi bilen ilkinji gezek duşuşanda başdan geçiren reaksiýasyny ýatlap geçdi.
— Bir gezek Gwardiolanyň çakylygy boýunça gelenimde, maňa Messini türgenleşik wagtynda daşdan synlamak mümkinçiligi döredi. Men onuň ýanyna baryp futbol bilen meşgullanmagyny 60 ýaşa çenli, juda bolmasa, aradan çykýança dowam etdirmegini haýyş etdim – diýip, El Pais-e beren interwýusynda Setýen belleýär.
61 ýaşly Setýen bilen resmi şertnama gol çekildi. Şertnama 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilen.

düýn 23:49
946

BoxingScene: Usik indiki tutluşygyny Deonteý Waýlder bilen geçirer

Agyr agram derejesinde öňki absolýut dünýä çempiony Aleksandr Usigiň indiki garşydaşy WBC wersiýasy boýunça dünýäniň öňki çempiony Deonteý Waýlder bolup biler. Bu barada «BoxingScene» neşiri promouter Eddi......

düýn 23:41
1.5k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.9k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......