Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

  • 14.01.2020 12:33
  • 3.4k+

13-nji ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, şeýle hem öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Iş maslahatynyň barşynda welaýatlaryň häkimleri şu günler ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitleriň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek hem-de ekerançylyk meýdanlarynda ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, etraplaryň häkimlerinden talaby güýçlendirmek, olaryň daýhan birleşiklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy üçin şahsy jogapkärçiligini ýokarlandyrmak hem-de ekinlere edilýän ideg işleri bilen tanyşmagyny, Oba milli maksatnamasy boýunça gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýyny seljermeklerini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky», «Türkmenistanda 2020-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky» Kararlara hem-de «2020-nji ýylda welaýatlar we etraplar boýunça suwdan peýdalanmagyň çäklendirilen möçberlerini tassyklamak hakyndaky» Buýruga gol çekdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şäheriň ähli çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......