Geely täze Geely HaoYue krossowerini görkezdi

  • 13.01.2020 22:28
  • 2.4k+

Geely kompaniýasy özüniň täze üç hatarly Geely HaoYue krossoweriniň ilkinji resmi suratlaryny görkezdi.
NJCAR.RU portalynyň habar bermegine görä, krossoweriň göwrümi uzynlygyna 4 830 mm, inligine 1 900 mm we beýikligine 1 780 mm barabar, teker bazasynyň ölçegi 2 815 mm ýetýär. Şeýle ýagdaýda üç hatarly ýol ulagy özüniň göwrümi boýunça Hyundai Santa Fe bilen deňleşýär. Bu täze krossoweriň salony komplektasiýa baglylykda 6 ýa-da 7 orunlyk görnüşde hödürleniler.
Krossoweriň güýçli gurluşlarynyň hatarynda 1,5 we 1,8 litr göwrümli, degişlilikde 177 we 184 at güýçli iki sany dört silindrli turbo herekete getirijisi has ähmiýetlidir. Esasy motoryň 48 woltly starter-generator bilen üsti ýetirilip bilner. Herekete getiriji hem diňe öňdäki hem-de doly görnüşde hödürlenilýär.
Krossoweriň üpjünçilik sanawy howpsuz hem-de rahat dolandyryş üçin gerek bolan zatlaryň ählisini, şol sanda gyssagly awtomatik tormoz berme ulgamyny, adaptiw kruiz-kontroly, yşyk diodly optikany we panorama üçegini öz içine alýar.
Geely-nyň taýýarlan täze SUV-y ýakyn wagtda görkeziler.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...