Ronaldu bombardirleriň sanawynda ikinji orna çykdy

  • 13.01.2020 22:24
  • 3.4k+

«Ýuwentusyň» hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Italiýanyň Seriýa A çempionatynyň 19-njy tapgyrynda «Roma» bilen bolan duşuşygynda jerime urgusyndan gol saldy (2:1). Bu gol portugaliýaly oýunçynyň Italiýanyň çempionatynyň soňky 6 oýnundaky 9-njy goly.
Hüjümçi jemi 14 gol geçirdi we netijede, ol bombardirleriň sanawynda «Interiň» hüjümçisi Romelu Lukaku bilen ikinji orny paýlaşdy (14 pökgi). Bu sanawda «Lasionyň» hüjümçisi Çiro Immobile liderlik edýär (20).
***
Ýene bir gyzykly maglumat. Ýekşenbe güni «Mançester Siti» myhmançylykda «Aston Willadan» üstün çykdy (6:1). Pepiň topary gol salyp «ýadandan soň», duşuşygyň 90-njy minudynda öz derwezesine tarap jerime urgusyny gurnady, netijede gol geçirildi.
Günüň «gahrymany» Serhio Aguero boldy. Argentinaly oýunçy üç gezek gol saldy, ýöne bu ýönekeý het-trik däl. «Aston Willa» bilen bolan duşuşykdan soň, «Sitiniň» hüjümçisi öz adyny APL-iň legendalarynyň sanawynda bellige aldyrdy. Ol liganyň taryhynda iň gowy bombardirleriň bäşligine girdi, bahym ol dörtlüge, soň bolsa üçlüge-de girer.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......