«Xiaominiň» ýolbaşçysy brendiň adynyň taryhy barada gürrüň berdi

  • 13.01.2020 21:21
  • 3.2k+

«Xiaomi» söwda markasy häzirki wagtda ulanyjylaryň aglabasyna tanyş bolsa gerek. Ýöne onuň taryhynyň düýbünden başgaça ýaýbaňlanyp biljekdigi barada welin, köplere mälim däldir. Kompaniýanyň onýyllyk ýubileýiniň öň ýanynda onuň esaslandyryjysy Leý Szýun bu meşhur brendiň ýaýramagynyň çäginde başga-da nähili atlara eýe bolup biljekdigi barada gürrüň berdi.
Kompaniýany esaslandyryjylaryň ilkinji ýygnagy 2010-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. Gün tertibine möhüm soraglar bilen bir hatarda geljekki brendiň adyny saýlamak hem girizilipdi. Hususan-da, Red Star warianty hödürlenildi, ýöne netijede ondan el çekdiler, şeýle-de duşuşygyň geçirilen ýeri bolan Xuande Hall çaý öýüniň şanyna Xuande adyny dakmak teklip edildi, ýöne ony hem «internet-kompaniýasyna laýyk däl» diýip hasapladylar. Mundan başga-da, Qianqi, Antong, Lingxi we başga-da birnäçe atlar gözden geçirildi.
Ahyrynda hem «Xiaomi» warianty üstün çykdy – hytaý dilinden terjime edilende bu söz «dary» diýmekligi aňladýar we kompaniýanyň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, ol filosofiýanyň esaslaryna salgylanýar. Kompaniýanyň logotipi bolsa özüniň hususy düşündirilişine eýe bolan Mi abbrewiaturasy boldy. Leý Szýunyň aýtmagyna görä, bu harplar iki manyny aňladýar: Mobile Internet we Mission Impossible.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......