Toyota geljegiň şäherini gurar

  • 13.01.2020 21:17
  • 4.7k+

Ýapon awtoöndürijisi Toyota öňdebaryjy tehnologik işläp düzmelere meýliniň barlygyny telim gezek görkezipdi. Uçýan sübse, dolandyryjysyz akkumulýator we VR-awtomobil – bularyň ählisi bir zynjyryň halkalary. Indi bolsa, Toyota janly adamlaryň gatnaşmagynda özboluşly ilkinji eksperiment boljak bitewi ýokary tehnologiýaly megapolisi gurmak kararyna geldi.
Ýapon kompaniýasy Fudziýama dagynyň ýanyndaky 175 akr meýdançaly ozalky fabrigi satyn aldy. Toyota bu ýerden hemişe 2000 adam ýaşajak geljegiň şäherini döretmegi meýilleşdirýär. Uly bolmadyk ilatly bu punkt Woven City adyny aldy. Özüniň göwrümi zerarly onda bary-ýogy üç ýol bolar: birinji – tiz hereket edýän ulag serişdeleri üçin, ikinji – welosipedçiler, skuterçiler we pyýadalar üçin, üçünji – diňe pyýadalar üçin niýetlenilen park kenar ýakasy.
«Öýlerde ýaşaýjylaryň saglygyny barlamak, möhüm zerurlyklar barada aladalanmak we birikdirilen tehnologiýalary howpsuz hem-de pozitiw ulanmak mümkinçiligini döretmek bilen gündelik durmuşy gowulandyrmak üçin datçikleriň esasynda gurnalan emeli intellekt peýdalanylar» — diýip, Toyotanyň wekili habar berýär.
Şäherde e-Palette-den we kompaniýanyň beýleki önümlerinden başlap köp sanly awtonom ulag serişdeleri bolar. Ähli ýaşaýjylaryň adaty durmuşy alyp barjakdyklary habar berilýär. Gurluşyga 2021-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......