Makgregor Serrone bilen göreşi üçin $5 mln gazanar

  • 12.01.2020 23:22
  • 7.8k+

18-nji ýanwarda Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) garyşyk başa-baş göreş boýunça UFC 246 turniri geçiriler. Onuň esasy wakasynda iki agram derejede guramanyň eks-çempiony Konor Makgregor we titula eks-dalaşgär Donald Serrone duşuşar. Bu duşuşykdan öň sportsmenleriň bu göreş üçin näçe gazanjakdyklary belli boldy.
Irlandiýaly göreşiji $5 mln möçberinde gonorar alar, diýip, Essential Sports habar berýär. Habib Nurmagomedow bilen bolan öňki göreşi üçin ol $3 mln alypdy. Belläp geçsek, $5 mln möçberdäki pul tölegli ýaýlymlaryň satuwyndan, şeýle hem hemaýatkärlik tutumlaryndan göterimi hasaba almaýar. Serrone barada aýdylanda, amerikaly bu göreşiji $2 mln alar. Jastin Getji bilen geçenki göreşinde ol $195 müň ýazylgy çegi almak bilen, 10 esse az gazanypdy.
Ýatlap geçsek, Makgregor 2018-nji ýylyň oktýabrynda Nurmagomedowdan ýeňleninden bäri, ilkinji gezek göreşe çykar.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......