Honda täzelenen kupe görnüşli Honda UR-V 2020 krossowerini hödürledi

  • 12.01.2020 23:14
  • 3.2k+

Restaýlingden soň bu modeliň göwrümi ulaldy, üýtgeşik daşky görnüşe hem-de howpsuzlyk ulgamynyň döwrebap baý toplumyna eýe boldy.
Honda restaýlingli kupe görnüşli Honda UR-V 2020 krossoweri bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Şeýle SUV (sport-utilitar awtomobili) täze bampere, kämilleşdirilen baş optikasyna, yşyk diodly yzky fonarlara we gara reňkli U-görnüşdäki göwrümli radiator gözenegine eýe boldy. Uzynlygyna krossower 2 820 teker bazasynyň esasynda 40 mm (4 856 mm çenli) artdyryldy, onuň ini we beýikligi bolsa degişlilikde 1 942 hem-de 1 670 mm barabar. Bu täze önümi wariator bilen bilelikde işleýän bir ýarym litrlik 193-güýçli turbomotor herekete getirýär.
«Uly» komplektasiýalarda kross-kupe 9AKPP bilen gabat gelýän iki litrlik 272 at güýçli motor bilen üpjün ediler. Herekete getiriji diňe öňki hem bolup biler ýa-da doly hem bolup biler.
Bu modeliň eýe bolan mümkinçilikleriniň sanawynda 3-zolakly klimat-kontrol, adaptiw kruiz-kontroly, uly sensor ekranly döwrebap multimedia, töwerekleýin wideo görnüş üçin kamera, lýukly aýna üçegi, şeýle-de hereket zonasynyň çäklerinde doly awtonom dolandyrylyş sistemasy we ýolda gerek boljak başga-da peýdaly elektronikalar ähmiýetlidir. Täze görnüşe eýe bolan Honda UR-V ýakyn wagtda satuwa çykar.

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...