«Barselona» oýunçylaryň şertnamasyna täze punkt girizdi

  • 12.01.2020 22:52
  • 4.3k+

«Barselonanyň» ýolbaşçylary toparyň goragçysy Žerar Pikeniň özüni alyp barşyndan nägile boldular we şol sebäpli oýunçylaryň şertnamasyna täze punkt girizdiler.
Abc.es-iň maglumatlary boýunça, katalon kluby toparyň täze futbolistlerine klubyň ýörite ygtyýaryny almazdan, başga islendik professional iş bilen meşgullanmagy gadagan eder. Şeýle punkt indiki möwsümden oýunçylar bilen baglaşylýan şertnamanyň ählisinde peýda bolar.
Pikeniň başga taslamalara gatnaşyp, klubdan daşlaşyp durýandygy sebäpli «Barselonada» nägilelik bildirilýär.
Ýatlap geçsek, ispaniýaly bu oýunçy «Andorra» klubynyň eýesi hem-de tennis boýunça Dewisiň Kubogynyň guramaçysy bolup durýar.
Mundan başga-da, «Barselonada» klubyň imijini goramak üçin oýunçylaryň internet torundan peýdalanmaklaryny hem gözegçilikde saklamak isleýärler.
Häzirki möwsümde Pike premýerada 18 oýna gatnaşdy we bir gol saldy. «Barselona» Ispaniýanyň çempionatynyň turnir tablisasynda hasabynda 19 duşuşykdan soň 40 utugy saklamak bilen birinji orny eýeleýär.

düýn 23:07
1.4k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

düýn 16:52
4.8k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

düýn 15:19
1.5k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......