Noutbuklara we smartfonlara bir wagtda zarýad bermäge niýetlenilen adapter öndürildi

  • 11.01.2020 23:28
  • 2.1k+

Dürli aksessuarlary öndüriji hökmünde belli bolan Satechi kompaniýasy Las-Wegasda geçirilen Consumer Electronic Show 2020 sergisinde özüniň 108 Wt kuwwatly Satechi Pro USB-C PD zarýad beriji gurluşyny görkezdi.
108-Wattly Satechi Pro USB-C PD iki sany USB-C (maksimal kuwwatlylygy 90 Wt we 18 Wt) we iki sany USB-A (jemi 12 Wt) bölegi arkaly bir wagtda 4 sany gurluşa zarýad berip bilýär. Satechi zarýad beriji gurluşy hatda 16 dýuýmly täze Apple MacBook Pro hem zarýad bermäge ukyply, onuň özüniň adapteriniň kuwwatlylygy bolsa 96 Wt-a barabar.
Satechi Pro USB-C PD gurluşa agram salynma derejesi 100-den 240 Wt-a çenli. Bu adapter gezelençlerde hem-de smartfon we noutbuk ýaly gurluşlara bir wagtda zarýad bermeli bolanda ulanmak üçin taslanylan.
Satechi-niň resmi habar bermesine laýyklykda, onuň işlenilip düzülmeginde esasy üns onuň howpsuzlygyna gönükdirildi. Bu gurluş güýçli gyzmanyň netijesinde döreýän zeper ýetmeleriň öňüni alar ýaly ýylylyga durnukly materialdan taýýarlanandygy üçin «uzak ömre» eýe.
Satechi Pro USB-C PD eýýäm satuwa çykarylan.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......