Türkmenistanda «Altyn Asyr» bank kartlaryna «Cashback» hyzmaty ornaşdyrylýar

  • 11.01.2020 19:28
  • 9.2k+

Türkmenistanyň banklary nagt däl hasaplaşyklary giňeltmek, şeýle hem bank kartlaryny ulanyjylar üçin ýeňillikleri döretmek maksady bilen, häzirki wagtda «Altyn Asyr» bank kartlaryna «Cashback» hyzmatyny ornaşdyrýar. Bu barada Turkmenportal habar berýär.
«Cashback» sözi iňlisçeden terjime edilende, «Cash» - kassa, pul, «Back» - yzyna, gaýtarmak diýmegi aňladýar. Ýagny, bank kartlary ulanylanda, kartlar arkaly töleg geçirilende tölegiň belli bir möçberi kartyň eýesine yzyna gaýtarylyp berilýär.
Harytlar we hyzmatlar üçin töleg edilende karta gaýtarylyp geçirilýän puluň göterimi banka baglylykda üýtgäp bilýär. Şeýle hem, käbir banklarda «Cashback» göterimleri töleg terminalyna baglylykda hem üýtgäp bilýär. Mysal üçin, eger-de töleg terminaly banka degişli bolsa, onda bir hili göterim, eger-de başga banka degişli bolsa, onda başga hili göterim tutulyp biler. Bu bank tarapyndan kesgitlenilýär.
Has jikme-jik maglumatlary web-sahypalarynda ýa-da banklaryň sorag-jogap gulluklaryndan tapyp bilersiňiz.
Hyzmatlaryň bu görnüşi halkara tejribesinde hem giňden ornaşdyrylandyr. «Cashback» hyzmatynyň maksady müşderileri nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaklyga çekmek bolup durýar.

düýn 15:08
3k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

düýn 13:52
3k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
3.8k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....