«Türkmenaragatnaşyk» sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi

  • 10.01.2020 22:55
  • 2.8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döredildi we bu toparyň düzümi hem-de topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi.
Degişli resminama anna güni geçirilen hökümet mejlisinde kabul edildi. Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, pudagara toparynyň düzümine ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalary hem-de hususy telekeçileri girizmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň sanlaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işleri ýerine ýetirýändigini hem-de intellektual ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlary ulgamyny kadalaşdyrmagyň we giňeltmegiň kanunçylyk taýdan goldanylmagyny üpjün edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz diňe bir taýýar çözgütleriň we nou-haularyň importyna däl, eýsem, özümiziň ylmy-tehnologik kuwwatymyza esaslanýan sanly ulgamyň döredilmeginden ugur alyp, öňdebaryjy tejribäni öwrenmegiň hem-de özleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de şu ugur boýunça hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......