Samsung kompaniýasy Neon «emeli adamyny» resmi taýdan hödürledi

  • 10.01.2020 19:31
  • 3.8k+

Samsung Star Labs derňew topary Neon «emeli adamyny» resmi taýdan hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy Las-Wegasda Consumer Electronic Show 2020 sergisinde geçirildi.
Kompaniýada Neon-yň robot hem, ses kömekçisi-de däldigini kesgitlediler. Ol maksimal derejede hakykata laýyk görünýän, kompýuterleşdirilen «adam» bilen wideosöhbetdeşlige has meňzeş. Ony işläp düzenler şular ýaly «emeli adamlar» bilen özara gatnaşygyň has täze derejelere ýetiriljekdigini belläp geçýärler. Neonyň informasiýany we dogry jogaby gözleýän wagty bary-ýogy birnäçe millisekunda ýetýär.
Samsung kompaniýasynda Neony ýoganyň instruktory, telealypbaryjy, aktýor, maliýe maslahatçysy hökmünde we başga-da birnäçe gurşawlarda peýdalanyp boljakdygyny nygtaýarlar. Star Labs-da olaryň adamlaryň ýerini tutmakçy ýa-da biriniň iş ýerini elinden almakçy bolmaýandygyny, gaýtam, müşderiler bilen «olaryň özlerini ýakyn dostlary bar ýaly duýmagy üçin» özara gatnaşygy gowulandyrmak isleýändigini bellediler.
Şeýle-de kompaniýada Neony hem işjeň hyzmatdaşlar üçin, hem-de dünýäniň ähli ýerindäki alyjylar üçin elýeterli etmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler. Ol ýerde onuň bahasyny teswirlemekden boýun gaçyrdylar, ýöne Neonyň beta-wersiýasynyň real dünýäde eýýäm şu ýylyň dowamynda ýola goýuljakdygyny habar etdiler.
Öň, Samsung Electronics 11-nji fewralda «ykjam innowasiýalaryň indiki onýyllygyny kesgitlejek» enjamlaryň görkeziljekdigini mälim edipdi. Resmi bildiriş San-Fransiskoda Samsung Galaxy Unpacked çäresinde bolar. Samsung Galaxy S20 flagman lineýkasy bilen bir hatarda, kompaniýa ýiti ekranly täze Galaxy Fold 2 bilen hem tanyşdyrar.

düýn 20:11
984

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......