Habibiň tälimçisi onuň iň howply garşydaşy barada aýtdy

  • 10.01.2020 19:12
  • 10k+

Garyşyk stiliň göreşijisi Habib Nurmagomedowyň tälimçisi Hawýer Mendes rus göreşijisiniň iň howply garşydaşynyň kim bolandygyny aýtdy.
«Dastin Porýe däl. Bu Konor Makgregor ýa-da Toni Fergýuson. Dogrymy aýtsam, men Konory saýlardym. Sebäbi biz oňa super-opponente taýýarlanýan ýaly taýýarlandyk. Ýöne aslynda Habib hiç haçan hiç kime göwnüýetmezçilik etmeýär. Hemmesine-de düýpli taýýarlyk görýär, sebäbi şeýle derejede sen kimdir birine göwnüýetmezçilik etseň, onda seni derrew «jezalandyrarlar» – diýip, Sport-Ekspress Mendesiň sözüni getirýär.
Şeýle-de, sportsmeniň tälimçisi Nurmagomedow bilen Makgregoryň arasyndaky rewanşyň bolmak mümkinçiligini hem bahalandyrdy.
«Bilmedim. Meniň pikirimçe, käbir adamlar bu göreşi gurnamak islärler, ýöne Habib – çempion, şonuň üçin şerti hem ol öňe sürýär. Hemme zat onuň isleýşi ýaly bolar. Ýöne Habibiň taýýar boljakdygyna kepil geçip biljek. Ol gaharly bolar, ýöne «kellesini ýitirmek» derejesinde däl. Men oňa köşeşmegi maslahat bererin, sebäbi gahardan ýaňa «gaýnamak» – bu Konoryň Habibden garaşýan zady. Meniň işim bolsa, munuň bolmagyna ýol bermezlik» – göreşijiniň halypasy belleýär.
Nurmagomedowyň Fergýusona garşy göreşi 18-nji aprelde Bruklinde geçiriler. Nurmagomedow sentýabrda amerikaly Dastin Porýeden Abu-Dabi Turnirinde üçünji raundda bogujy emeli ulanmak arkaly üstün çykyp, ýeňil agram boýunça UFC-niň titulyny gorady. Fergýuson professional karýerasynda üç gezek ýeňildi, 25 gezek hem ýeňiş gazandy. Nurmagomedow 28 göreşiniň ählisinde hem üstün çykdy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......