Smartfonlaryň bazarynda täze rekord goýuldy

  • 09.01.2020 20:14
  • 4.8k+

Realme kompaniýasy täze önümleri boýunça metbugat maslahatyny geçirdi we onda Realme X50 flagman smartfony anons edildi. Maslahatyň dowamynda kompaniýanyň häzirki üstünlikleri beýan edildi.
2019-njy ýylyň jemi boýunça, bu ýaş brend dünýäniň Realme smartfonlary satylýan ähli sebitinde 25 milliondan gowrak telefony ýerlemegi başardy. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende üpjünçiligiň ösüşi 500%-den geçdi.
Realme 2020-nji ýyl üçin öz öňünde maksat goýdy. Kompaniýa tutuş dünýäde üpjünçiligiň ösüş derejesini 100%-den hem ýokary görkezip biljekdigini aýdýar. Bu bolsa 2020-nji ýylda Realme ykjam telefonlarynyň çykarylyşynyň 50 milliondan hem geçjekdigini aňladýar.
2019-njy ýylyň üçünji çärýeginde Realme smartfonlaryň çykarylyş möçberi boýunça 7-nji orna düşüpdi. Indiki grafik Realme-niň nähili derejede çalt öwrüm edýändigini görkezýär:
2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa 47-nji orny eýeleýärdi, dördünji çärýekde 15-nji orna geçdi, 2019-njy ýylyň ikinji çärýeginde bolsa, özüniň düýbüniň tutulmagyndan bir ýyl soň smartfonlary çykarmak boýunça öňdebaryjylaryň onlugyna girdi.
Realme-niň ýerine ýetiriji müdiri Sýuý Si aýratyn interwýusynda Realme-niň eýýäm şu ýylyň dowamynda 4G-smartfonlaryň önümçiligini bes edip, diňe 5G-smartfonlaryny çykarjakdygyny habar berdi, şeýle-de Realme TV-ni çykarmak boýunça meýilnamasyny tassyklady.

düýn 23:04
1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.3k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

08.06.2026 09:45
1.3k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....