Özbegistanyň 40 ýaşly ýaşaýjysy Prezidentiň saýty arkaly Habibi göreşe çagyrdy

  • 08.01.2020 23:55
  • 13k+

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabynyň 40 ýaşly ýaşaýjysy oňa UFC-niň ýeňil agram boýunça çempiony Habib Nurmagomedow bilen göreşi gurnap bermek haýyşy bilen wirtual kabulhana arkaly respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewa ýüz tutdy.
Özbegistanly raýat şeýle haýyş bilen hiç ýere ýüz tutmandygyny, ýöne prezidentiň saýty arkaly oňa dagystanly bilen göreşi geçirmäge mümkinçilik döredip bermegini haýyş edýändigini belläp geçdi.
— Habib özüniň guşagyny mynasyp dakynmaly. Meniň üçin we Habib üçin medisina barlagyny geçirmegi haýyş edýärin – diýip, arzada beýan edilýär.
Belläp geçsek, heniz ýeke gezek hem ýeňilmedik Habib Nurmagomedow Özbegistanda hem tanymaldyr. Geçen ýyl ol hormatly myhman hökmünde birnäçe gezek respublika geldi, maýda bolsa Mirziýoýewiň giýewsi, Prezidentiň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçysynyň orunbasary we Özbegistanyň garyşyk göreş sungaty Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Otabek Umarow bilen bilelikde türgenleşik geçdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.2k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......