Mercedes-Benz kompaniýasy «Awatar» stilindäki täze VISION AVTR simbiotiki elektromobilini görkezdi

  • 08.01.2020 23:52
  • 5.5k+

Daimler AG elmydama özüniň konseptual awtoulaglaryny dürli sergilerde görkezip gelýär we bu gezekki CES 2020  hem kadadan çykma bolmady. Özi-de bu gezek firma nähilidir bir örän özboluşly bir zat taýynlapdyr. Ol VISION AVTR  diýlip atlandyrylýar.
Bu awtoulag ekologiýanyň we ýolagçylaryň awtoulaga janly organizm hökmünde garamak ideýalarynyň şöhlelenmesidir. Ony taslaýjylar adaty bolmadyk estetikany döretmäge «Awatar» filminiň gahrymanlarynyň arasyndaky simbiotiki gatnaşyklaryň ruhlandyrandygyny aýdýarlar.
Awtoulagyň yzky böleginde Merсedesiň özünde aýdyşlary ýaly 33 sany dürli ugurly «üstki elementler» ýerleşdirilen. Olar reptiliýa teňňejikleri ýaly titräp we tolkun şekilli hereketlenip bilýärler.
Awtoulag grafen esasynda organiki akkumulýator batareýinden iýmitlenmeli.
Visin AVTR doly dolandyrylýan şassilere hem eýe boldy, şonuň üçin hem ol diňe öňe däl-de, eýsem, 30º burç bilen gapdala hem hereket edip bilýär. Munuň üçin öň we yzky tekerler bir ugra bolşy ýaly, gapma-garşy ugra hem öwrülip bilýärler. Inženerler muny «leňňeç ýörişi» diýip atlandyrýarlar we bu «tejribäniň» köp ilatly şäherlerde, meselem, awtoduralgada peýdaly boljakdygyny aýdýarlar.
VISION AVTR-da ne rol bar, ne-de pedal. Ähli zat – merkezi paneldäki biojoýstikde. Sürüji oňa elini goýýar we awtoulag pulsy tanap, awtomatik usulda otlanýar. Awtoulag joýstigi gerekli tarapa gyşartmak arkaly sürülýär.
Informasion ulgamyň audiowizual bölegi awtoulagy ulanmakdaky kontekste baglanan. Meselem, eger-de ulgam awtoulagyň içinde maşgala bolup oturylandygyny kesgitlese, onda çagalara gözegçiligi ýeňilleşdirer ýaly ene-atalar üçin öňdäki ekranda yzky oturgyçdaky şekiller peýda bolýar.
Umuman, Mercedes-Benz VISION AVTR görnüşine görä, häzirki döwrüň iň bir simbiotik, janly we adatdan daşary konseptual awtoulagy boldy. Ýöne Daimler AG wagtyň geçmegi bilen awtoulaglaryň hakykatdanam şeýle görnüşde boljakdygyna tama edýär. 

düýn 14:18
2.3k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.7k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...