Serrone: «MMA-nyň göreşijisi hökmünde men Makgregordan has gowy»

  • 07.01.2020 23:28
  • 5.7k+

UFC-niň amerikan göreşijisi Donald Serrone özüni indiki garşydaşy — iki agram dereje boýunça UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor bilen deňeşdirdi. Olaryň göreşi 18-nji ýanwara bellenilen.
«Men Makgregora garanda, MMA-nyň göreşijisi hökmünde gowumy? Gürrüňsiz. Men uly göreşlere gatnaşdym. Bu ýoly birnäçe gezek geçdim. Bu garyşyk başa-baş göreşlerde meniň 51-nji göreşim bolar. Men islendik biri bilen deňeşdirilende-de, hemmesinden kän göreşdim» — diýip, «MMAFighting» Donald Serroneniň sözlerini getirýär.
Konor Makgregor üçin Donald Serrone bilen göreş 2018-nji ýylyň oktýabrynda Habib Nurmagomedow bilen bolan göreşden soň ilkinji bolar. Makgregoryň Serrone bilen göreşi şu ýylyň 18-nji ýanwaryna UFC 246 turnirinde bellenilen, bu bolsa düzgün boýunça bäş raund meýilleşdirilen turniriň esasy wakasy bolar. Öň, UFC-niň prezidenti Dena Uaýt Makgregor Serroneden, Habib Nurmagomedow Toni Fergýusondan üstün çykan ýagdaýynda guramanyň Habib bilen Konora rewanş bermäge taýýardygyny habar berdi.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......