Sony ilkinji Vision-S elektromobiliniň anonsy bilen geň galdyrdy

  • 07.01.2020 23:28
  • 3.2k+

Sony ýapon kompaniýalarynyň dürli tehnologiýalaryny görkezmeklige bagyşlanylan Consumer Electronic Show sergisinde Sony Vision-S elektromobili bilen garaşylmadyk anons etdi.
Sony Vision-S elektromobili awtomobiliň iç we daş tarapyndan 33 sany dürli datçikler bilen, birnäçe displeý, uly ses ýaňlanyş sistemasy, şeýle-de Internet toruna birikme bilen üpjün edildi.
Elektromobiliň platformasy Magna kompaniýasynyň kömegi bilen işlenilip düzüldi. Sony şeýle platformanyň adaty ýoldan daşary hereket edýän ulag serişdeleriniň beýleki görnüşleri üçin hem laýyk geljekdigini nygtaýar.
«Bu prototip geljekdäki ykjamlylyga biziň goşandymyz bolar» – diýip, Sonynyň baş müdiri Kenitiro Ýoşida belleýär.
Sony özüniň press-konferensiýasynyň ahyrynda awtomobiliň gysga tanyşdyrylyşy üçin bary-ýogy birnäçe minut sarp etdi, şonuň üçin birnäçe soraglar hem jogapsyz galdy. Sony Vision-S elektromobili seriýaly önümçilige goýberilýärmi ýa-da bu diňe bir prototipmi, şeýle-de awtomobiliň tehniki häsiýetleri nähili bolar, bu zatlar heniz belli däl.

düýn 14:18
2.5k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
4.1k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.7k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.9k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...