Kamerofon Vivo X30 Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

  • 07.01.2020 23:22
  • 6.9k+

Kamerofon Vivo X30 heniz satuwa çykmandygyna garamazdan, eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Munuň sebäbi, adamlaryň köp mukdary şol bir ýerde bu smartfon arkaly selfi etdiler. Jemi alanyňda, 546 adam Vivo X30 smartfonuny Hytaýyň Guançžou şäherindäki kruiz-laýneri surata düşürmek üçin teleobýektiw režiminde ulandylar.
Vivo X30 smartfonunyň kamerasy dört sany moduldan ybarat, olardan esasysy 64 Mp-e eýe. Goşmaça datçikler 32 we 7 Mp eýe, onuň periskop kamerasy bolsa 13 Mp bolmak bilen 60 esse sanly zumy üpjün edýär.
Vivo X30 smartfonunyň kamerasy suraty elektron stabilleşdirme ulgamyna eýe boldy. Şeýle-de, onuň kamerasy portret surata düşürme režiminde hem işleýär. Vivo X30-yň aýratynlygy onuň Aýy surata düşürmek üçin Super Moon Mode atly aýratyn režime eýe bolmagyndan ybarat.
Vivo X30 bir kristally Exynos 980 sistemasynda işleýär. Bu smartfon 4350 mA/sag sygymly akkumulýatora eýe boldy. Onuň 33 Wt kuwwatlykdaky FlashCharge çalt zarýadlanma eýedigini hem belläp geçmek gerek.

düýn 23:04
1.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.3k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

08.06.2026 09:45
1.3k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....