Tesla Model 3 we Model Y-nyň Ýewropada önümçiligi 2021-nji ýylda başlanar

  • 07.01.2020 22:56
  • 1.6k+

Geçen ýylyň noýabrynda Ilon Mask Teslanyň Ýewropada Berliniň çäklerinde elektromobilleriň önümçiligi boýunça dördünji kärhanasyny gurjakdygy barada habar beripdi. Kärhananyň guruljak meýdançasy eýýäm belli edildi. Gigafactory 4 kärhanasynyň gurluşygyna geljek alty aýyň içinde başlanylar, awtomobilleriň önümçiligi bolsa, 2021-nji ýylyň iýulynda herekete girer.
Tesla Berlin kärhanasynda Model Y krossowerlerinden we Model 3 sedanlaryndan her hepdede 3000 sanysyny öndürmekçi bolýar. Bu heniz başlangyç görkeziji, geljekde bolsa awtomobilleriň çykarylyş göwrümini ýylda 500 müňe çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Teslanyň Ýewropa meýilnamasy Hytaý meýilnamasyna garanda has uly maksatlary nazarlaýar: Şanhaýda ýaňy-ýakynda gurlan Gigafactory 3 kärhanasy işe girizilenden soň, bu ýerde hepdede 1000 awtomobil öndürmek meýilleşdirilýär.
Ilkibaşda Tesla özüniň ýewropa kärhanasy üçin 3000 adamy işe almagy göz öňünde tutýardy, ýöne önümçiligiň gerimi giňeldilse, onda işe alynjaklaryň sany 8000 adama çenli artar.

düýn 14:18
2.2k+

BMW M3 Touring uniwersalynyň ilkinji görkezilişi yglan edildi — oňa “maşgala sport ulagy” diýilýär

BMW Group 2025-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Hytaýda geçiriljek BMW M Festival çäresinde täze BMW M3 Touring uniwersalyny ilkinji gezek görkezjekdigini habar berdi. Täze model M3 seriýasyna mahsus sport häsiýeti saklaýar, ýöne gündelik sürmek üçin has giň ýer we amatlylyk hödürleýär...

düýn 13:52
3.7k+

Aston Martin Floridada okeanyň kenarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumyny gurar

Aston Martin awtoulag önümçiliginiň çäginden çykyp, iş ugruny giňeldýär — kompaniýa Florida ştatynyň Daytona Beach kenarynda ýaşaýyş toplumyny gurýar. Aston Martin Residences Daytona Beach taslamasy Valor Real Estate Development kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýär we bu brendiň ugurlaryny giňeltmek strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylýar...

düýn 11:35
1.6k+

Kia elektrokarlaryň eýeleri üçin benzin ysly awtomobil ys berijisini çykardy

Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady...

düýn 10:57
3.6k+

Tesla 60 müňden gowrak Cybertruck-y yzyna çagyrdy: faralar garşydan gelýän sürüjileriň gözüni gamaşdyrýar

Tesla kompaniýasy garşydan gelýän ulagyň sürüjisini gözüňi gamaşdyryp biljek örän ýiti öň gabara çyralary sebäpli 63 620 sany Cybertruck elektrik pikabyny yzyna çagyrýandygyny habar berdi. Bu barada ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygyny dolandyryş Milli gullugy (NHTSA) maglumat berýär...