Suares — dekabr boýunça La Liganyň iň gowy oýunçysy

  • 06.01.2020 20:21
  • 1.6k+

«Barselonanyň» hüjümçisi Luis Suares dekabr boýunça La Liganyň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi.
Hüjümçi dekabrda Ispaniýanyň çempionatynyň 5 oýnunda 3 gezek gol saldy we 6 gezek netijeli ýardam pasyny geçirdi. Oňa diňe Madridiň «Realyna» (0:0) garşy duşuşykda netijeli hereketleri bilen bellige aldyrmak başartmady.
Belläp geçsek, La Liganyň 4-nji ýanwarda geçen «Espanýola» garşy oýnunda (2:2) Suares ýene-de netijeli hereketleri bilen bellige alyndy: ol gol saldy we pökgini netijeli berdi.
La Liganyň indiki tapgyrynda «Barselona» öz öýünde «Granada» garşy oýnar. Duşuşyk 19-njy ýanwarda geçer.

şu gün 07:33
1.3k+

Türkmenistanda Sergeý Karýakiniň küşt klubuny açmak meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň russiýaly küştçi, grossmeýster, Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň prezidenti, Russiýa Federasiýasynyň senatory Sergeý Karýakin, şeýle hem Moskwa oblastynyň Küşt federasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Albert Minnullin bilen iş duşuşyklary boldy...

düýn 11:44
7.1k+

«Atletiko» garşy salnan üç gol «Barselonany» ýurduň Kubogynyň finalyna çykaryp bilmedi

4-nji marta geçilýän gije Barselonada Ispaniýanyň Kubogynyň 1/2 finalynyň jogap oýnunda «Barselona» bilen Madridiň «Atletikosy» duşuşdy. Kataloniýalylar 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy, emma finala çykmak üçin bu hasap ýeterlik bolmady...

03.03.2026 17:10
8.7k+

Ar almagyň wagty geldi: 11 ýyldan soň Holloueý bilen Oliweýra rewanş duşuşygyny geçirer

8-nji martda Las-Wegasda (ABŞ) ýylyň iň garaşylýan ýaryşlarynyň biri bolan UFC 326 geçiriler. Agşamyň esasy wakasy garyşyk söweş sungatynyň iki sany güýçli wekiliniň, ýeňil agramda (70 kg çenli) ozalky çempion, braziliýaly Çarlz Oliweýra bilen amerikaly Maks Holloueýiň arasyndaky rewanş duşuşygy bolar...

03.03.2026 15:21
5.8k+

Aşgabatda TFF-iň Kubogy ugrundaky ýaryş başlady

Şu gün, 3-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) Kubogy ugrunda geçiriljek nobatdaky ýaryş başlandy. 12-nji marta çenli dowam etjek bu ýaryşda sekiz topar çykyş eder. Geçirilen bije çekişligiň...