Samsung täze «akylly» wideodomofonyny döretdi

  • 06.01.2020 20:11
  • 2.4k+

Smartfonlaryň, telewizorlaryň hem-de audio enjamlardan giň assortimentini öndürýän Samsung koreý kompaniýasy öý howpsuzlygy üçin hem dürli enjamlary hödürleýär.
«Samsung Smart Wall Pad» (model SHT-3625) ilkinji wideodomofony 2013-nji ýylda hödürlenipdi. Şu hepdäniň dowamynda bolsa öýüň girilýän gapysyny uzak aralykdan açmak we jaýyň öňünde bolup geçýän zatlara gözegçilik etmek üçin ulanylýan gurluşyň has kämilleşdirilen modeliniň görkezilmegine garaşylýar.
Munuň üçin daşky ulanyşa niýetlenilen goşmaça kamera oturdylýar, «akylly» domofon öýüň içiniň islendik amatly ýerinde asylyp bilinýär. «Samsung Smart Wall Pad» original wersiýasynyň ekrany 4,3 dýuým diagonala eýe, ýöne täze wersiýasynyňky ulurak bolar. Displeýiň aşagynda 6 sany sensor düwmeleri ýerleşdirilen. Intellektual eýeçiligiň Koreý edarasyna degişli patent geçen ýylyň martynda berildi, oktýabrda bolsa enjam makullanyldy.
Samsungyň bu «akylly» öý enjamyny özüniň «SmartThings IoT» «akylly» öýüniň platformasyna girizjekdigi anyk zat. Bu wideodomofony smartfon arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle-de, ses arkaly dolandyrmak we ýüz boýunça anyklama ýaly funksiýalara hem garaşylýar.

şu gün 11:22
1.2k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
521

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......