Hawýer Mendes: «UFC-niň iň gowy göreşijisi Jons däl-de, Habib»

  • 06.01.2020 19:41
  • 5.2k+

UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedowyň tälimçisi Hawýer Mendesiň pikirine görä, promouşeniň ýarym orta agramda çempiony Jon Jons UFC-niň iň gowy göreşijileriniň sanawynda birinji setirde adalatsyz ýerleşýär.
«Bu adalatsyz. Habib — gürrüňsiz dünýäde birinjidir. Ol muny subut etdi».
Hiç kim onuň ýaly üstünlikli çempion bolup bilmedi. Hiç kim. UFC-niň taryhynda hiç wagt. Ol Konora ýeke raundy hem bermedi.
Ol ýeňil duşuşyk bolupdy. Şondan soň, kimdir biri onuň birinji däldigi barada aýdýarmy? Bu asla akla sygjak zat däl» — diýip Mendes aýtdy.
Habib Nurmagomedow häzirki wagtda UFC-niň iň gowy göreşijileriniň sanawynda 2-nji setirde durýar.
Ýatlatsak, 2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde Bruklinde (Nýu-Ýork, ABŞ) garyşyk göreş boýunça UFC 249 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy göreşinde guramanyň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow we liganyň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson duşuşar. Bu UFC-niň bu iki göreşijiniň duşuşygyny gurnamak boýunça bäşinji synanyşygy bolar. Öňki gezekler duşuşyk türgenleriň haýsy hem bolsa biriniň şikes almagy ýa-da beýleki meseleler zerarly ýatyrylypdy.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......