Makgregor zerur bolsa, Habibe ýa Fergýusona derek çykyş edip biler

  • 05.01.2020 23:41
  • 7.1k+

2020-nji ýylyň 18-nji aprelinde Bruklinde (Nýu-Ýork, ABŞ) garyşyk göreş boýunça UFC 249 ýaryşy geçiriler. Onuň esasy göreşinde guramanyň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedow we liganyň öňki wagtlaýyn çempiony Toni Fergýuson duşuşar. Bu UFC-niň bu iki göreşijiniň duşuşygyny gurnamak boýunça bäşinji synanyşygy bolar. Öňki gezekler duşuşyk türgenleriň haýsy hem bolsa biriniň şikes almagy ýa-da beýleki meseleler zerarly ýatyrylypdy.
Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak üçin UFC eýýämden göreşijileriň ornuna çalyşmak mümkin bolan göreşijini taýýarlaýarlar. Liganyň prezidenti Dena Uaýtyň aýtmagyna görä, Habibi ýa-da Fergýusony iki agram derejede UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor çalşyp biler.
«2020-nji ýylda Konor üç gezek göreşmek isleýär. Ol Serroneden üstün çykan ýagdaýynda Habib bilen duşuşmaga mümkinçilik almaga umyt edýär. Siz Konory tanaýarsyňyz. Biz ýene-de Habib bilen Fergýusonyň duşuşygyny gurnamaga synanyşýarys. Konor Serroneni ýeňjekdigine ynanýar we islendik ýagdaýda Nurmagomedow bilen ýeňil agramda duşuşmaga taýýar. Şonuň üçin hem ol Fergýuson bilen Habibiň duşuşygyna taýýar bolar» diýip Uaýt belleýär.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......