Huawei P40, P40 Pro we P40 Plus smartfonlaryň esasy aýratynlygy atlandyryldy

  • 05.01.2020 23:33
  • 3.7k+

Bluetooth standartlaryny işläp taýýarlamak, şeýle hem bu hili tehnologiýa bilen üpjün edilen enjamlary şahadatnamalaşdyrmak bilen meşgullanýan «Bluetooth Special Interest Group» guramasy Huawei hytaý kompaniýasynyň üç sany täze smartfonunyň şahadatnamasy barada maglumaty neşir etdi.
Smartfonlaryň üçüsi hem Bluetooth 5.1 tehnologiýasyna eýe, gürrüň Huawei P40 lineýkasynyň dürli modelleri barada gidýär. Eger-de Hytaýdan gelýän gürrüňlere ynansaň, onda şu ýylda Huawei P40 seriýasy üç sany modeli öz içine alar.
Huawei P40-yň standart modeli tekiz ekran bilen üpjün ediler. Dört tarapy hem egri ekrana eýe boljak Huawei P40 Pro we Huawei P40 Plus goşmaça modellere hem garaşylýar. Huawei P40 Plus-yň displeýiniň diagonaly ulurak bolar.
Öň Huawei-niň alyjylar bölüminiň ýerine ýetiriji müdiri Ýuý Çendun Huawei P40 lineýkasynyň Parižde şu ýylyň martynda görkeziljekdigini resmi taýdan tassyklady.
Şeýle-de, Huawei kompaniýasynyň Huawei P40 bilen bir hatarda smartfonlarynyň satuwyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berjek, Google hyzmatlary üçin talabalaýyk alternatiwany işe girizmegine garaşylýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
499

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......