6G tehnologiýalary haçan köpçülikleýin elýeterli bolar?

  • 05.01.2020 14:29
  • 3.6k+

Häzirki wagtda bütin dünýäde mobil torlaryň bäşinji nesli bolan 5G synagdan geçirilýär. Şunuň netijesinde sürüjisiz awtoulaglar, wirtual reallyk we internet biziň durmuşymyza işjeň ornaşýar.
Emma alymlar eýýämden telekommunikasion ulgamlaryň indiki nesliniň — 6G-niň üstünde işläp başladylar. Bu ulgamyň kömegi bilen maglumatlary has hem tiz geçirmäge mümkinçilik berler, diýip «China Daily» hytaý jemgyýetçilik-syýasy gazeti habar berýär.
Bu tehnologiýalar 2030-njy ýylda köpçülikleýin elýeterlilik almazyndan öň, düýpli ylmy-barlaglarda, enjamlary taslamalaşdyrmakda we daşky gurşawa täsiri öwrenmekde birnäçe tehniki kynçylyklary geçmeli. Bu barada sentýabr aýynda Oulu Fin uniwersiteti tarapyndan neşir edilen 6G baradaky Ak kitapda bellenilýär.
Hytaýyň ylym we tehnologiýalar ministrliginde beýan edilişi ýaly, Hytaý 6G boýunça ählumumy ýaryşa goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, iki sany ýörite edara döredildi: biri — degişli syýasaty işläp düzmek üçin, beýlekisi — tehniki detallary işläp düzmek üçin 37 sany ekspert kollejlerden, ylmy-barlag institutlaryndan we kärhanalardan ybaratdyr.
Habar beriş serişdeleriň berýän maglumatlaryna görä, «China Telecom», «China Unicom», «Huawei», şeýle hem ABŞ, Russiýa we Ýewropa telekommunikasiýa hyzmatlaryny hödürleýän beýleki kompaniýalar maglumatlary geçirmegiň 6G tehnologiýalary ulgamynda barlaglary geçirýärler.
6G-niň tizligi 125 Gb/s-a barabar bolar. Bu bolsa wirtual reallyga aşa ýokary tizlik bilen girmäge we ýokary tizlikli internet örtügi bilen örtmäge mümkinçilik berer.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......