Huawei ilkinji bolup işgärsiz işleýän özboluşly dükanyny açdy

  • 04.01.2020 22:46
  • 3.6k+

4-nji ýanwarda Huawei kompaniýasy Hytaýda «Wuhan Optics Valley» täze ösüş halkara merkezinde özüniň ilkinji «akylly» bölek satuw dükanyny açdy. Dükan gije-gündiz işleýär we ammardan getirilen predmetleriň toplumyna we olaryň satyn alyjylara gowşurylmagyna jogap berýän üç sany robotlaşdyrylan el tarapyndan dolandyrylýar.
Bölek satuw dükanlary täze önümi satyn almazdan öň barlap görmek isleýän sarp edijileriň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär. Ýöne bölek satuw dükanlarynyň kärendesine almak, zähmet hakyny tölemek, erkin giňişlik ýaly we başga-da käbir ýetmezçiligi bar.
Bu meseleleri çözmek üçin, Huawei köp ýeri tutmaýan we işgärleriň işlemegini talap etmeýän ilkinji «akylly» bölek satuw dükanyny açmak kararyna geldi. Birinjiden, islendik internet-dükany ýaly ol hemişe açyk. Ikinjiden, ol bu ýerde adam faktorynyň ýokdugy sebäpli sagat ýaly işleýär.
Huawei-iň «akylly» dükany ok geçirmeýän aýnaly silindr forma eýedir. Dükan häzirki wagtda diňe smartfonlary we aksessuarlary satýar. Ol alyjylar tarapyndan sargyt edilen harydy gowşurýan bir sany uly we iki sany kiçi robotlaşdyrylan eli özünde jemleýär. Sargyt dükanyň daşky tarapynda ýerleşdirilen sensorly panel arkaly amala aşyrylýar. Mundan başga-da, alyjylar harytlary onlaýnda sargyt edip, olary bu dükandan alyp gidip bilýärler.
Eger-de Huawei ulanyjylar tarapyndan položitel baha alsa, onda Hytaýyň ähli ýeri boýunça şeýle dükanlary açar.

düýn 20:11
974

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....

düýn 17:01
1.2k+

Claude-ni döredijiler emeli aňyň ösüşini haýallatmaga çagyrdylar

Claude emeli aň modelini işläp düzen Anthropic kompaniýasy EA tehnologiýalarynyň ösüşini haýallatmak ýa-da wagtlaýynça togtatmaga çagyrýan makalany çap etdi. Bu ylmy makalanyň awtordaşy kompaniýanyň......

05.06.2026 23:49
2.6k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.7k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......