«Barselona» – «Liwerpul» 2019-njy ýylyň iň köp tomaşaçyly duşuşygy boldy

  • 04.01.2020 22:41
  • 2.9k+

«Transfermarkt» portaly dünýä futbolynda 2019-njy ýyl boýunça iň köp gelim-gidimli oýunlaryň onlugyny düzdi. Sanawyň ilkinji setirini 2018/19 möwsümiň Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň «Kamp Nou» stadionynda geçen we 98 299 tomaşaçyny ýygnan «Barselona» – «Liwerpul» duşuşygy eýeledi. Ýatlap geçsek, duşuşyk katalon toparynyň peýdasyna 3:0 hasap bilen tamamlandy.
Iň gelim-gidimli oýunlaryň doly sanawy şeýle görnüşde:
1. «Barselona» – «Liwerpul» (Kamp Nou, Barselona, 1-nji maý) – 98 299 tomaşaçy;
2. «Kaýzer Çifs» – «Orlando Paýrets» (Sokker Siti, Ýohannesburg, 9-njy noýabr) – 88 000 tomaşaçy;
3. «Mançester Siti» – «Uotford» (Uembli, London, 18-nji maý) – 85 854;
4. Ýylyň dowamynda birnäçe oýunlar (Signal Iduna Park, Dortmund) – 81 365;
5. «Real» – «Barselona» (Santýago Bernabeu, Madrid, 27-nji fewral) – 80 472;
6. Ýylyň dowamynda birnäçe oýunlar (Azadi, Tähran) – 80 000;
7. Fransiýa – Albaniýa (Stad de Frans, Sen-Deni, 7-nji sentýabr) – 78 000;
8. «Milan» – «Inter» (San-Siro, Milan, 17-nji mart) – 77 749;
9. Ýylyň dowamynda birnäçe oýunlar (Alýans Arena, Mýunhen) – 75 000;
10. «Gerta» – «Borussiýa» D (Olimpiýa stadiony, Berlin, 16-njy mart) – 74 667.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......