Eýran Hazar portlarynda utgaşdyrylan ýük daşamalar infrastrukturasyny ösdürýär

  • 04.01.2020 22:37
  • 2.2k+

Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri: «Eýranyň Hazar portlarynda utgaşdyrylan ýük daşama we ýolagçy gatnatmak infrastrukturasy deňagramly ösdürilýär. Bu meseleler hökümet üçin döwlet maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary bolmagynda galýar» - diýip belledi. Bu barada «Media-Turkmen» agentligi IRNA habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.
Eýranyň demirgazyk-günbataryndaky Astara portuna baryp gören Mohammad Eslaminiň belleýşi ýaly, 2019-njy ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçirilen I Hazar ykdysady forumynda hazarýaka döwletleriň arasynda deňiz gatnawlaryny ösdürmek we täze köpri gurmak arkaly Baku-Astara şossesini gurmak hakynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.
Ol haryt dolanyşygynda «Demirgazyk-Günorta» geçelgesiniň uly orun eýeleýändigini we Hazar portlarynyň bu geçelgede esasy orun tutmalydygyny belledi.
Öň Eýranyň ýol we şäher ösüşi ministri Mohammad Eslamä salgylanyp habar berlişi ýaly, Tähran we Aşgabat deňiz gatnawynyň göni ugruny ýola goýmak boýunça ylalaşyk gazandy.

düýn 16:07
2.1k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.6k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......