Samsung Galaxy Book Flex Alpha noutbuk-transformeri QLED displeýi bilen üpjün edildi

  • 03.01.2020 23:43
  • 2.1k+

Samsung Electronics kompaniýasy sygymly akkumulýator we QLED displeýi bilen üpjün edilen Galaxy Book Flex α (Alpha) ykjam kompýuterini hödürledi.
Galaxy Book Flex α üçin 10-njy nesliň Intel Core prosessory esas bolup hyzmat etdi. Onuň konfigurasiýasy 8 ýa-da 16 GB operatiw ýady we 256 GB, 512 GB ýa-da 1 TB göwrümli SSD-ni öz içine alar. Enjamlaşdyrylyşynda Wi-Fi 6 interfeýsi, USB 3.0 portuny, HD kamerany we daktilaskopik datçigi tapawutlandyrmak bolar.
Bir gezek zarýadlandyrmada kompýuter 17,5 sagada çenli işläp bilýär. Displeý barada aýtsak, öndürijileriň habar bermegine görä, “milliarddan gowrak reňki döretmäge ukyply QLED displeýi siziň söýgüli kontentiňiziň şekillendirijilik akymyny görlüp eşidilmedik derejede gyzykly edýär”. Ekranyň iň ýokary ýagtylygy 600 kd/m2 deň. Ekranyň ölçegi 13,3 dýuýma barabar, ygtyýarlylygy - 1920 x 1080 piksel. Ekran Active Pen ýeleginiň ulanylmagy bilen sensorly girizmä hem eýe, ýöne ol komplekte degişli däl.
«2-si 1-inde» derejedäki kompýuteriň agramy 1,19 kg, onuň gabarasy 304,9 x 202,0 x 13,9 mm barabar. Onuň korpusy berk alýumin karkasa eýe. ABŞ-da Galaxy Book Flex α 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykar.

düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......