Xiaomi kämil goragly «akylly» sagatlaryň anonsyny taýýarlaýar

  • 03.01.2020 23:42
  • 3.1k+

Xiaomi brend sagatlaryndan we fitnes-bileziklerinden başlap, «akylly» öý elementlerine çenli köpsanly «akylly» enjamlary öndürýär. Ýöne sähelçe-de bolsa goragly «akylly» dewaýslary welin, kompaniýa heniz ýeke gezek hem hödürlemändi. Bu ýagdaý ýakyn wagtlarda düýpgöter üýtgemegi ähtimal.
Xiaomi üçin dürli dakylýan enjamlary işläp taýýarlamak işi bilen meşgullanýan Huami kompaniýasynda täze «akylly sagatlar» görkezilen täze poster çykdy. Eýýäm şu posterden hem görnüşi ýaly, täze enjamyň korpusy ýokary derejede goragly we rezin görnüşde bolar. Enjam barada has jikme-jik maglumat heniz ýok, emma ulanyjylaryň we insaýderleriň çaklamalaryna esaslansak, onuň diňe bir suw damjalaryna ýa-da suwa gaçmalara garşy goragy bolman, eýsem, has «gödegräk» ulanyjylar üçin urgulardan we beýlekilerden gorajak örän ygtybarly gurluşy hem bolar.
Amazfit T-Rex (täze dewaýs şeýle atlandyrylýar) sagadynyň anonsy 2020-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda her ýyl geçirilýän CES 2020 sergisiniň çäklerinde bolar.

düýn 23:04
1.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.3k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.7k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

08.06.2026 09:45
1.3k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....