«Xiaomi Watch Color» sagatlarynyň satuwy ýola goýuldy

  • 03.01.2020 23:34
  • 1.7k+

Hytaýyň çäklerinde 2019-njy ýylyň ahyrynda resmi taýdan anons edilen «Xiaomi Watch Color» «akylly» sagatlarynyň satuwy ýola goýuldy.
Deslapky sargytlary kabul etmeklik 1-nji ýanwarda başlanypdy, bu gün bolsa isleg bildirýänler eýýäm täze «Xiaomi Watch Color» gajeti dükanlardan satyn alyp bilýärler.
«Xiaomi Watch Color» «akylly» sagatlary 454x454 piksel ygtyýarly 1,39 dýuým diametrli tegelek AMOLED-ekranyna, Bluetooth 5.0 adapterine we garaşma režiminde üç hepde işlemäge ýetýän sygymy 420 mA/sag bolan akkumulýatora eýe boldy, adaty ýagdaýda ol zarýadlamasyz 14 güne çenli işleýär.
Mundan başga-da, «Xiaomi Watch Color» fiziki işjeňligiň 10 görnüşine eýe we ol gije-gündiziň dowamynda ýürek urmasynyň ýygylygyny we stressiň derejesini bellige alyp durýar hem-de ukynyň hilini gözegçilikde saklamak bilen maslahatlary berip bilýär.
Harytlary, ulagda ýol puluny tölemek üçin hem-de «akylly» gulplary açmak, şeýle-de “akylly” öýler bilen özara gatnaşyk üçin ulanyp boljak köp funksiýaly NFC modulynyň bolmagy hem ähmiýetlidir. Sagatlar suwdan goraglylyga hem eýe (5 ATM).
Şeýle-de, öndüriji korpusyň 1540 reňk sazlaşygynyň, siferblatlaryň we çalt aýryp bolýan elýeterli gaýyşjyklaryň bardygyny mälim edýär.

düýn 11:15
2.1k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.3k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.6k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......