Xiaomi, Vivo we Oppo faýllary simsiz geçirmegiň täze ulgamyny hödürlediler

  • 03.01.2020 06:32
  • 3.2k+

Vivo, Oppo we Xiaomi kompaniýalary dünýäniň ähli ulanyjylary üçin faýllary simsiz geçirmegiň innowasion ulgamynyň döredilýänligi barada habar berdiler. Täze tehnologiýa brendleriň gurluşlarynyň arasynda bir gezek basma arkaly faýllaryň çalt geçirijiligini üpjün edýär.
Täze ulgam bu üç brendiň müşderilerine mobil gurluşlaryň arasynda faýllary başga bir programmalary ýa-da internet birikmelerini ulanmasyz aňsatlyk bilen ibermeklige mümkinçilik berýär. Tehnologiýa resminamalaryň uly spektrlerini kabul edip, şeýle-de olary iberip hem bilýär: fotografiýalary, wideolary, aýdymlary we beýleki formatlary.
Faýllary ibermekligiň simsiz ulgamy internete birikmegi talap etmeýär. Tehnologiýa çalt baglanyşmak üçin Bluetooth we maglumatlary ibermek üçin Wi-Fi P2P (Peer to Peer) tehnologiýasyny ulanýar. Maglumatlary ibermekligiň ortaça tizligi 20 MB/s. Mundan başga-da, Wi-Fi P2P faýllaryň iberilýän wagtynda ulanyjylaryň internetde galmagyna mümkinçilik bermek bilen, bar bolan Wi-Fi-birikmesiniň arasyny üzmeýär.
Bu funksiýa öndürijileriň dürli bazarlardaky smartfonlaryna 2020-nji ýylyň fewralyndan girizilip başlanar.

şu gün 11:15
787

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

şu gün 08:18
892

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

şu gün 07:37
1.8k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......