La Liga «dekabryň oýunçysy» adyna dalaşgärleri hödürledi

  • 03.01.2020 06:14
  • 2.8k+

La Liganyň resmi Twitter-akkaunty 2019-njy ýylyň soňky aýynyň iň gowy oýunçysy ady üçin göreşjek futbolçylaryň üçlügini mälim etdi. Oňa «Sewilýanyň» goragçysy Diego Karlos, «Hetafeniň» hüjümçisi Anhel we «Barselonanyň» hüjümçisi Luis Suares girdi.
Belläp geçsek, sanawda dekabr boýunça hasabynda bäş oýunda bäş gol we bir assist bolan Lionel Messiniň ady ýok.
Şu ýerde ýene bir maglumaty belläp geçmeli. «Barselona» ter Ştegen bilen şertnamany uzaldar. Ýagny, «Barselona» Mark-Andre ter Şteger bilen şertnamany uzaltmaklyga ýakyn, bu barada Sport.es habar berýär.
Çeşme “gök-gyzyllaryň” nemes derwezeçisi bilen bäş ýyl möhletli şertnama baglaşjakdygyny tassyklaýar. Onuň häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.
27 ýaşly ter Ştegen şu möwsümde «Barselonanyň» futbolkasynda 23 oýna gatnaşyp, 24 pökgini geçirdi.
Ýatlap geçsek, nemes derwezeçisine «Bawariýa», «Ýuwentus» we «Pari Sen-Žermen» dalaşgärlik edýär.

düýn 23:30
3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
7.3k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
7.1k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 15:36
2.1k+

Rodriges Wargasy nokaut edip, üçünji agram derejesinde dünýä çempiony boldy

ABŞ-nyň Glendeýl şäherinde professional boks agşamy geçirildi. Ýaryşyň esasy söweşinde iki agram derejesinde ýeňilmedik dünýä çempiony, amerikaly Jessi Rodriges ýeňil agram derejesinde (53,5 kg çenli) WBA......